Türkmenistanyň bäş gümrük nokadyna sanly ulgam ornaşdyryldy

27 Sentýabr 2022
135

Türkmenistanda Halkara gümrük üstaşyr ulgamy boýunça daşalýan harytlar barada gümrük edaralaryna deslapky maglumatlary bermek üçin, TIR-EPD programmasy işe girizildi. Bu barada Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) habar berýär.

Döwlet gümrük gullugy TIR-EPD programmasynyň Türkmenistanyň gümrük talaplaryna doly laýyk gelýändigini tassyklady. Häzirki wagtda ondan alnan maglumatlar bäş gümrük nokadynda kabul edilýär: