Lebapda we Maryda “KamAZ” okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy

27 Sentýabr 2022
61

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýekşenbe güni ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynda täze desgalar — “KamAZ” kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy. Täze okuw we tehniki hyzmat merkezleri dolandyryş binasyny, ammary hem-de abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bölümi özünde jemleýär.

“KamAZ FTC Corp. LLP” kompaniýasynyň buýurmasy esasynda Mary welaýatynda “Askan” hojalyk jemgyýeti tarapyndan, Lebap welaýatynda bolsa “Awtotrans” hususy kärhanasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen bu desgalaryň her gün 10 ulaga çenli hyzmat etmek mümkinçiligi bar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.