Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty geçirildi

23 Sentýabr 2022
363

Şu gün 23-nji sentýabrda, Aşgabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty geçirildi. Oňa ýurduň Hökümetiniň we Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, il sylagly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Ahal welaýatynda «Türkmeniň ak öýi» binasyna, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň Ruhyýet köşklerine ýygnanan ýurdumyzyň sebitleriniň wekilleri bolsa maslahata sanly ulgam arkaly goşuldylar.

Türkmenistanyň Prezidenti hemmeleri ýurduň şanly baýramy bolan Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän senesi bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Döwlet Maslahatyny açyk diýip yglan etdi. Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, döwlet Baştutany umumymilli maslahata gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyşyna başlady.

«Güneş».