Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty geçirildi

23 Sentýabr 2022
141

Şu gün, ýagny 23-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  alnyp barylýan işler we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ählitaraplaýyn ösdürmek barada giňden durup geçdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçmek  hakynda Permana gol çekmegi pederlerimiziň, haýyr-yhsan işleriniň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dowamat dowamdygyny aýan etdi. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzy ösdürmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, tapawutlanyp işlän ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.

Ogulgözel Şagulyýewa,
«Zenan kalby».