Talyplar «Diýar» žurnalynda

23 Sentýabr 2022
119

Ýaşlar döwrüň ganaty bolup durýar. Her bir döwletiň nurana geljegi ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryna baglydyr. Şu babatda ýurdumyzda ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmeklerinde bimöçber işler ýerine ýetirilýär. Döwrebap bilim berilýär, nazaryýetlerini giňeltmek, zehinlerini taplamak ugrunda ýurdumyzda hereket edýän her bir ugra degişli edara-kärhanalara, bilim ojaklaryna, ajaýyp binalara tejribe geçmäge ugradylýar. Ynha, bu gün hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyplary Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Diýar» žurnalynda özleriniň okuw tejribeliklerini geçýärler. Olar bu ýerde gazet-žurnallaryň çapa taýýarlanyşyndaky tapgyrlaýyn işler, makalalara syn bermek, korrektura işleriniň alnyp barlyşy, habarlary ýazmakda temalara ýüzlenmek, türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde makalalary ýazmak ýaly birnäçe iş düzümleri bilen tanyş bolýarlar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan her bir beýik işleriň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär. Şu nukdaýnazardan talyplar bu ýerde halypa žurnalistleriň berýän degerli maslahatlaryna eýerip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Dürli temada ýazylan makalalary bilen «Diýar» žurnalynda yzygiderli çykyş edýärler.

Ogulnar GURBANMÄMMEDOWA,
«Diýar».