Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

23 Sentýabr 2022
299

Aşgabat, 22-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, iň ýokary döwlet wezipesinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürilmegine, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köptaraply işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Beýleki habarlar