Habarlar

20 Sentýabr 2020
207

1-nji iýul. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şu ýy­lyň al­ty aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň jem­le­ri­ne ga­ra­mak me­se­le­le­ri, ýur­du­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy mun­dan beý­läk-de üp­jün et­mek bo­ýun­ça bu dü­züm­le­riň öňün­de dur­ýan ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler gi­ri­zil­di.

2-nji iýul. Türk­me­nis­ta­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň ­Pre­zi­dent­le­ri­niň ara­syn­da wi­deo­mas­la­hat gör­nü­şin­de üç ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk ge­çi­ril­di. «La­pis La­zu­li» hal­ka­ra üs­ta­şyr-ulag ge­çel­ge­si­niň iri möç­ber­li bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak ba­ra­da­ky me­se­le ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki iş mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­ne çy­ka­ryl­dy.

"Garagum"