Türkmen çempionlarynyň täze nesli

18 Sentýabr 2022
131

Çagalyk — ynsan ömrüniň bahary. Bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Watanymyzda beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ýetginjekleriňdir ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. 27-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda ýaşajyk türkmenistanlylaryň görkezen ýokary netijeleri hem şeýle mümkinçilikleriň miwesidir.

Ýaryşda diňe ýeňiş gazanmak möhüm däl. Bäsleşige gatnaşyp, mynasyp çykyş etmek hem üstünlige barabardyr. Halkara sport baýramçylygyna türkmenistanly çagalaryň ellä golaýy gatnaşyp, sportuň 8 görnüşi boýunça baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi. Olaryň 6-sy sambo, 9-sy kuraş, 19-sy erkin we grek-rim göreşleri, 2-si ýeňil atletika, 2-si suwda ýüzmek, 8-si 3x3 basketbol, 2-si ýaýdan ok atmak, 4-si stol tennisi görnüşlerinden geçirilen ýaryşlarda güýçlerini synadylar.

Ahmet GELDIÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar