Ýeňişleriň höwri köp bolsun!

17 Sentýabr 2022
369

Şu gün — 17-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky ilçihanalarynyň wekilleri, türgenler, tälimçiler, sport hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetdi. Dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi sport boýunça özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar