Türkmen karateçileriniň uly üstünligi

16 Sentýabr 2022
102

Gazetiň geçen sanynda türkmenistanly karateçileriň Berlinde geçirilen «Banzai Cup» halkara ýaryşynda gazanan üstünlikleri barada habar beripdik. Şol ýaryşdan soň ildeşlerimiz 9 – 11-nji sentýabr aralygynda Çehiýanyň Pardubise şäherinde şotokan karate boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, medallaryň 102-sini gazanmagy başardylar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Öwezmyrat Sapardurdyýew 30 kg agram derejesinde 10-11 ýaşly türgenleriň arasynda «WKF kumite», «Şobu ippon kumite», «Şobu sanbon kumite» hem-de «Şobu ippon kumite open» ugurlary boýunça altyn medallaryň dördüsini gazandy.

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar