Paýtagtyň birinjiligi

16 Sentýabr 2022
78

Golaýda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň meýilnamasy esasynda söweş sambosy boýunça 2006-2007-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. «Täze zaman» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda ýaýbaňlandyrylan bu ýaryşa türgenleriň 50-den gowragy gatnaşdy.

Turuwbaşdan dartgynly häsiýete eýe bolan ýaryşda ýaş pälwanlar dürli agram derejelerinde öz aralarynda güýç synanyşdylar. Ýaryşyň jemlerine görä emin agzalary ýeňiji bolan türgenleriň atlaryny mälim etdiler. Şeýlelikde, 42 kg agram derejesinde Myrataly Annaýew 1-nji, Şamuhammet Akyýew 2-nji, Arslan Babaýew bilen Maksat Berdiýew bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Hüseýin Begenjow we Daýanç Abasow 46 kg agramda çykyş edip, 1-nji, 2-nji orunlary eýeleseler, Batyr Çaryýew bilen Arslan Ilmyradow bu agram derejäniň 3-nji ornuny paýlaşdylar. 50 kg agram derejesinde Resul Jebrailow, Arslan Tejenow, Gurbangeldi Çolukow we Dawut Rejepow öz garşydaşlaryndan rüstem gelmegi başardylar. Ýaş pälwanlardan Hekim Ahmedow, Resul Hannyýew, Merdan Hudaýberdiýew we Sapar Annakurbanow dagy 55 kg agram derejesinde öz deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başardylar. 60 kg agramdaky tutluşyklar hem diýseň gyzykly geçdi. Onda Meretgeldi Gurbangeldiýew 1-nji, Selim Nowruzow 2-nji, Meýlis Gurbanmedow bilen Islam Hemraýew 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Mämmet AGABAÝEW,
Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň sport bolüminiň başlygy.
Beýleki habarlar