Baýramçylyga bagyşlanan bäsleşik

16 Sentýabr 2022
353

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň barha ýakynlaşýan günlerinde ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Şanly sene mynasybetli guralýan ýaryşlardyr bäsleşikler bolsa baýramçylyk ruhuna beslenýär. 13-14-nji sentýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynyň basketbol sport zalynda geçirilen paýtagtyň birinjiligine hem şeýle ruhubelentlik mahsus boldy.

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagyndaky 2008-2009-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda basketbol boýunça paýtagtyň birinjiligi ugrundaky ýaryş dört toparyň gatnaşmagynda aýlaw görnüşde geçirildi. Ýaryşda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň «Bürgüt» (tälimçisi Berdi Atahanow), Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň «Ak şäher» hem-de «Ýyldyz» toparlary (tälimçisi Aleksandr Paşkow), şeýle-de, «Olimp» orta sport mekdebiniň adybir topary (tälimçisi Aman Annaýew) özara güýç synanyşdylar. Çempionatyň duşuşyklaryna Rahym Agaýew eminlik etdi.

Amangeldi ÇARYÝEW,
Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň direktory.
Beýleki habarlar