TFF-niň täzelikleri

16 Sentýabr 2022
70

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyryň esasy duşuşygy paýtagtymyzda geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary «Ahal» bilen «Altyn Asyr» toparlary duşuşdy.

Netijede döreden mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanan «Ahal» 2:1 hasabynda üstün çykmagy başardy. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygy paýtagtymyzda geçirilip, onda «Köpetdag» «Aşgabatdan» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli «Şagadam» Balkanabat şäheriniň «Nebitçisini» 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Mary welaýatynyň derbisinde «Merw» «Energetigi» 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Hojadurdy HOJADURDYÝEW,
sport synçysy.
Beýleki habarlar