Futbol hem durmuş

16 Sentýabr 2022
217

Şu gün başyny başlaýan bu ýazgylaryma diňe «Futbol» diýen sözbaşyny goýmak pikiri birnäçe aýlap serimde ikiýana at çapdyryp gezdi. Ýöne «Futbol hem durmuş» diýen jümle-de ekiztaýy ýaly ondan galybermedi. Sebäbi meniň aňymda «futbol» hem-de «durmuş» diýen sözler bireýýämden bäri sinonimleşmek derejesine bardy. Olary bir-birinden aýry göz öňüne getiribem bilemok, getirjegem bolamok.

Özümde futbola söýginiň haçan we nähili ýagdaýda dörändigini hakydama getirip bilemok. Edil şu wagt «söýgi» sözünem «höwes», «janköýerlik etmek», «gowy görmek», «halamak» ýaly sözler bilen çalşyraýmak pikiriniňem menden daşlaşmaýandygyny gizläp durmaýyn. Ýöne, suwjuklyk ýa-da özüňi hasam mazamlamak hasap etmäň, ol, hakykatdanam – söýgi. Futboly gowy görşümi hut söýgi diýen düşünje bilen düşündiräýmesem, göwnüm ynjalmaz, futbolam menden «öýkelär».

Aşyrberdi GURBANOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar