Argentinanyň milli ýygyndysy(XXII Dünýä Kubogyna 65 gün galdy)

16 Sentýabr 2022
95

Dünýä Kubogynda iň köp çykyş eden ýygyndylaryň biri- de Argentinanyň ýygyndysydyr. Argentinada futbol federasiýasy 129 ýyl mundan ozal, ýagny 1893-nji ýylyň 21-nji fewralynda esaslandyrylýar. 1912-nji ýylda FIFA- nyň, 1916-njy ýylda- da KONKAKAF- yň agzasy bolan Argentina bassyr 13-nji (1974-nji ýyldan bäri), umumylykda 18-nji gezek Dünýä Kubogyna wekilçilik eder (1930, 1934, 1958, 1962, 1966, 1974, 1978, 1982, 1986, 1990, 1994, 1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018, 2022). Dünýä Kubogy ýaryşlarynyň diňe 4-sine gatnaşyp bilmedik argentinler 2 gezek çempionlyk gazanýar. Ilkinji duşuşyk: Urugwaý— Argentina: 0–6 (1902) Iň uly hasaply ýeňşi: Argentina— Ekwador: 12–0 (1942) Iň uly hasaply ýeňlişleri: Çehoslowakiýa— Argentina: 6–1 (1958), Boliwiýa— Argentina: 6–1 (2009), Ispaniýa— Argentina: 6–1 (2018) 1930-njy ýylda Urugwaýda geçirilen ilkinji Dünýä Kubogynda Argentinanyň ýygyndysy 2-nji ýeri eýeleýär. Argentinler 1-nji toparçada Fransiýany asly italiýaly oýunçysy Luis Montiniň goly bilen 1–0 utýar. Monti argentinleriň Dünýä Kubogyndaky ilkinji goluny geçiren futbolçy bolýar. Stabileniň het-trik eden oýnunda Meksikany 6–3, ýene- de şol futbolçynyň 2 gezek tapawutlanan duşuşygynda- da Çilini 3–1 ýeňýär. Ýarym finalda- da ABŞ-nyň ýygyndysyny 6–1 utup, finala çykýar. Bu duşuşykda Stabile bilen Peuçelleniň hersi 2 gol geçirýär. Finalda ýer eýesi Urugwaýdan 1-nji ýarymda 2–1 öňe saýlanandygyna garamazdan, 4–2 asgyn gelip, kümüş medala mynasyp bolýar. 1934-nji ýylda Italiýada geçirilen çempionatda Şwesiýadan 3–2 utulyp, ýaryşy ir terk edýär. Mundan soň 3 ýaryşa — ilkinji 2-sine FIFA öz nägileligini bildirip (ýaryşy özlerinde geçirmek hukugy berilmändigi üçin), 3-njisine bolsa syýasy sebäplerden gatnaşmaýar. 24 ýyldan soň Dünýä Kubogyna dolanan Argentinanyň ýygyndysy Şwesiýa 1958-de 1-nji toparçada G. Germaniýadan 3–1 utulýar. D. Irlandiýany şol hasap bilen ýeňen tangoçylar Çehoslowakiýadan 6–1 asgyn gelýär. Çili 1962- de Bolgariýany Fakundonyň ýeke- täk goly bilen ýeňip, Angliýadan 3–1 utulýar. Wengriýa bilen golsuz deňlik olara ýaryşy dowam etmek üçin ýeterlik bolmaýar. Angliýa 1966-da 2-nji toparçada Ispaniýany Artimeniň gollary bilen 2–1 utýar. Nemesler bilen deňme- deň oýnap, Şweýsariýany- da 2–0 ýeňýär. Çärýek finalda ýer eýeleri iňlislerden Jeff Hörstüň ýeke- täk goly esasynda 1–0 utulýar. Meksika 1970 olaryň gatnaşyp bilmedik soňky Dünýä Kubogy bolýar. 1974-nji ýylda Germaniýadaky çempionatda 4-nji toparçada Polşadan 3–2 ýeňilýär. Italiýa bilen utuklary paýlaşan Argentinanyň ýygyndysy Gaitini 4–1 hasabynda ýeňýär. Duşuşykda Ýazalde 2 gol geçirýär. 2-nji tapgyryň toparçasynda juda şowsuz çykyş edýär. Niderlandlardan 4–0, Braziliýadan 2–1 utulýar. Ýer eýeleri bilenem 1–1 deňme- deň oýnaýar. Argentinleriň Dünýä Kubogyny özlerinde guramak arzuwy ahyry 1978-nji ýylda hasyl bolýar. 1-nji toparçada Wengriýany Luke we Bertoniniň, Fransiýany- da Passarella we Lukeniň gollary esasynda 2–1 hasaplar bilen ýeňen Argentina Italiýadan 1–0 asgyn gelýär. 2-nji tapgyrda «B» toparçada Polşany Kempesiň gollary bilen 2–0 utýar. Braziliýa bilen golsuz deňlikden soň Perunyň ýygyndysyndan 6–0 üstün çykýar. Oýunda Kempes bilen Luke 2 gol geçirýär. Argentinler Buenos Aýresde oýnalan finalda- da Niderlandlary goşmaça wagtda 3–2 hasabynda ýeňýär. Argentinanyň ýygyndysyna ilkinji çempionlygyny gazandyran gollary Kempes (2) bilen Bertoni geçirýär. 4 ýyldan soň Ispaniýa1982- de 3-nji toparçada Belgiýadan 1–0 utulyp, çempionata ýeňliş bilen başlaýar. Wengriýany 4–1 (Bertoni 26, Maradona 28, 57, Ardiles 60), Salwadory- da 2–0 (Passarella 22 p, Bertoni 54) ýeňip, 2-nji tapgyra çykýar. Ýöne 2-nji tapgyrda Italiýadan 2–1, Braziliýadan hem 3–1 asgyn gelip, ýaryşy dowam etdirip bilmeýär. Meksika 1986 Dünýä Kubogy super ýyldyz Maradonanyň çempionaty bolýar. «A» toparçada G. Koreýany Waldano (2) we Ruggeriniň gollary esasynda 3–1 ýeňýär. Italiýa bilen 1–1 (Maradona 34 — Altobelli 6 p) deňme- deň oýnap, Bolgariýany- da Waldano we Burruçaganyň gollary esasynda 2–0 ýeňýär. 1/8 finalda Urugwaýy Paskulliniň ýeke- täk goly bilen 1–0 utup, çärýek finalda- da Maradonanyň taryhy 2 goly bilen Angliýadan 2–1 üstün çykýar. Ýarym finalda Belgiýa bilen duşuşyp, Maradona ýene- de 2 gol geçirýär (2–0). Çekeleşikli geçen finalda Günbatar Germaniýany 3–2 (Brown 23, Waldano 55, Burruçaga 83 — Rummenigge 74, Wöller 80) hasabynda ýeňip, 2-nji gezek Dünýäniň çempiony bolýar. Italiýa 1990-da Kamerundan Omam Byýygyň ýeke- täk goly esasynda utulyp, ýeňliş bilen başlaýar. Soňra SSSR-i 2–0 ýeňýär, Rumyniýa bilenem 1–1 deňme- deň oýnaýar. 1/8 finalda Braziliýany Kanijjanyň ýeke- täk goly bilen 1–0 utup, çärýek finalda Ýugoslawiýa bilen duşuşýar. Golsuz geçen oýunda penaltileriň netijesinde ýeňiş gazanyp, ýarym finalda Italiýanyň garşydaşy bolýar. Kanijja we Skillaçiniň garşylykly gollaryndan soň oýun 1–1 deňlikde tamamlanýar. Penalti urgularynda ýene- de bagty çüwen argentinler finalda 2-nji gezek nemesler bilen duşuşýar. Ýöne bu gezek 2 oýunçysy gyzyl kart alan Argentina Germaniýany ýeňmek başartmaýar. 1–0 utulan Argentina 2-nji gezek kümüş medal gazanýar. ABŞ 1994-de Gresiýany 4–0 (Batistuta 2, 44, 90 p, Maradona 60), Nigeriýany- da 2–1 (Kanijja 21, 28 —Siasia 8) ýeňip, şowly başlaýar. Ýöne Maradonanyň gadagan edilen närseleri ulanmagyndan soň ýygyndynyň ýagdaýy bulam- bujar bolýar. Bolgariýadan 2–0 utulan Argentina 1/8 finalda çekeleşikli geçen oýunda Rumyniýadan 3–2 asgyn gelýär. Duşuşykda Batistutanyň we Balbonyň gollary ýeňşe ýeterlik bolmaýar. Fransiýa 1998-de «H» toparçada Ýaponiýany Batistutanyň ýeke- täk goly bilen 1–0 utýar. Orteganyň 2 (31, 55), Batistutanyň 3 (73, 78, 83 p) gol geçiren oýnunda Ýamaýkany 5–0 ýeňýär. Gabriel Omar Batistuta 2 Dünýä Kubogynda het-trik eden ilkinji oýunçy bolýar (häzirlikçe ýeke- täk). Horwatiýany- da Pinedanyň goly esasynda 1–0 ýeňen Argentina 1/8 finalda köne garşydaşy Angliýa bilen duşuşýar. Bekhamyň gyzyl kart alan duşuşygy 2–2 (Batistuta 5 p, Zanetti 45+1 — Şirer 9 p, Owen 16) deňlikde gutarýar. Penaltileriň netijesinde 4–3 ýeňiş gazanan Argentina çärýek finalda Niderlandlardan 2–1 utulýar (Kluiwert 12, Bergkamp 90 — Lopez 17). 2002-nji ýyldaky çempionatda «F» toparçada Nigeriýany Batistutanyň goly bilen 1–0 ýeňýär. Bekhamyň penaltiden geçiren goly esasynda Angliýadan bu gezek asgyn gelýär. Şwesiýa bilen 1–1 deňme- deň oýnap, 4 utuk olara 1/8 finala çykmak üçin ýeterlik bolmaýar. Argentinanyň ýygyndysy 40 ýyldan soň toparçadan çykyp bilmeýär. Germaniýa 2006- da «C» toparçada Kot-d’Iwuary 2–1, Rodriges, Kambiasso, Krespo, Tewez, Messiniň gollary bilen Serbiýany- da 6–0 ýeňýär. Niderlandlar bilenem golsuz deňlikden soň 2-nji tapgyrda Meksika bilen duşuşýar. Goşmaça wagtda Krespo we Rodrigesiň gollary bilen 2–1 ýeňiş gazanyp, çärýek finalda ýer eýeleri Germaniýanyň garşydaşy bolýar. Duşuşyk Aýala we Kloseniň garşylykly gollary bilen 1–1 deňme- deň gutarýar. Penaltileriň netijesinde Germaniýa ýarym finala çykýar. 2010-njy ýylda Afrikada geçirilen çempionata Maradonanyň tälimçiliginde gatnaşan Argentina Nigeriýany 1–0 (Haýnze 6), Higuainiň het-trik eden oýnunda G. Koreýany 4–1, Gresiýany- da 2–0 ýeňýär. 1/8 finalda Tewez we Higuainiň gollary bilen Meksikadan üstün çykýar. Çärýek finalda ýene- de öňüne nemesler böwet bolýar. Germaniýadan 4–0 utulan argentinler çärýek finaldan öýüne gaýdýar. 2014-nji ýylda goňşusy hem-de esasy bäsdeşi Braziliýada geçirilen Dünýä Kubogynda şowly çykyş edýär. «F» toparçada Bosniýany 2–1, Eýrany Messiniň soňky minutdaky goly bilen 1–0, ýene- de Messiniň 2 gol geçiren oýnunda Nigeriýany 3–2 utýar. 1/8 finalda goşmaça wagtda Şweýsariýany (Di Mariýa 118), çärýek finalda- da Belgiýany (Higuain 8) 1–0 hasaplar bilen geçýär. Ýarym finalda Niderlandlar bilen golsuz deňme- deň oýnap, penaltileriň netijesinde üstün çykýar we 24 ýyldan soň 5-nji gezek finala çykýar. Mundan öňki 2 ýaryşda çärýek finalda utulan garşydaşy Germaniýa bu sapar finalda- da Argentinadan Gýotseniň goşmaça wagtdaky goly esasynda 1–0 üstün çykýar. Russiýa 2018-de «D» toparçada Islandiýa bilen 1–1 oýnan Argentinanyň ýygyndysy Horwatiýadan 3–0 asgyn gelýär. Nigeriýany 2–1 ýeňip, 1/8 finala çykan Argentina taryhy duşuşykda Fransiýadan 4–3 utulyp, ýaryşy ir terk edýär. Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda geçiren duşuşyklary: 153 oýun, 86 ýeňiş, 42 deňlik, 25 ýeňliş, 262 — 135 gol Dünýä Kubogynda geçiren duşuşyklary: 81 oýun, 43 ýeňiş, 15 deňlik, 23 ýeňliş, 137 – 93 gol Günorta Amerikanyň kubogy bolan Kopa Amerikada 15 gezek çempionlyk gazanan Argentinanyň ýygyndysyna- da edil Urugwaýyň ýygyndysynda bolşy ýaly daşary ýurtly tälimçilerden diňe 1 hünärmen tälim berýär. Ol hem italiýaly Felipe Paskuççi bolup, 1934-nji ýylda gysga wagtlyk işleýär. Fransisko Olazar, Gillermo Stabile, Hoze Maria Minella, Omar Siwori, Sezar Luis Menotti, Karlos Bilardo, Alfio Basile, Daniel Passarella, Marselo Bielsa, Hoze Pekerman, Diego Maradona, Alehandro Sabella, Herardo Martino, Horge Sampaoli ýaly ussatlar tälim berýär. 2018-nji ýylda bu wezipä bellenen Lionel Skaloniniň tälimçiliginde Katara gatnaşjak toparyň düzüminde ýyldyz oýunçylaryň sany juda köp. Otamendi, Martines, Tagliafiko, Di Mariýa, Paredes, De Paul, Messi, Lautaro Martines, Dibala, A. Korrea, H. Korrea ýaly ýyldyzlaryna bil baglaýan Argentina Katar 2022-de «C» toparçada Meksikadyr Polşanyň hem-de Saud Arabystanynyň ýygyndylary bilen duşuşar. Tangoçylar bu toparçadan çykyp bilmedik ýagdaýynda garaşylmadyk netije bolar. Sebäbi olary Lionel Messiniň hormatyna çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden hasaplaýanlaryň sany juda köp... Iň köp duşuşyk geçirenler: Lionel Messi — 162, Hawier Maskerano — 147, Hawier Zanetti — 145 Iň köp gol geçirenler: Lionel Messi — 86, Gabriel Batistuta — 56, Serhio Aguero — 41 argentinanyň MILLI ýygyndysynyň katar 2022-DÄKI duşuşykl ary: 22-nji noýabr (15:00): ARGENT INA — S. ARA BYSTANY («Lusail Iconic», Lusail) 26-njy noýabr (00:00): ARGENT INA — MEKSIKA («Lusail Iconic», Lusail) 30-njy noýabr (00:00): POLŞA — ARGENT INA («Stadium 974», Doha).

Toparçalardaky 2-nji duşuşyklaryň netijeleri:

Beýleki habarlar