UEFA Çempionlar Ligasynda toparçalardaky 2-nji duşuşyklar oýnalyp, jemi 39 gol hasaba alyndy. Nemes, italýan klublarynyň 3-si, iňlis we portugal klublarynyň 2-si ýeňiş gazandy. 7 oýunda ýer eýeleri, 6 oýunda myhmanlar üstün çykdy. 3 duşuşyk deňlikde gutaryp, olaryň birinde hasap açylmady. «A» toparçada «Napoliniň » şemaly belentden öwüsýär. «Liwerpulyň » derwezesinden 4 gol geçiren Spallettiniň şägirtleri myhmançylykda britan adasynyň başga bir wekili «Reýnjersi » 3–0 hasabynda ýeňdi. 2-nji ýarymda geçirilen gollary Politano, Raspadori hem-de Ndombele öz atlaryna ýazdyrdylar. «Liwerpul » topary öz meýdançasynda «Aýaks» bilen duşuşyp, soňky minutlarda ýeňiş gazandy. «Liwerpulyň » gollaryny 5 oýundan soň tapawutlanan Salah bilen Matip derwezä girizdi. «B» toparçada garaşylmadyk netijeler hasaba alnyp, «Porto » öz meýdançasynda «Klub Brýuggeden » 4–0 asgyn geldi. Brýusselliler ilkinji gezek 1–2-nji duşuşyklarynda ýeňiş gazanmagy başardy. Soňky minutlarda 2 gol geçiren «Baýer » topary- da «Atletikony » 2–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «C» toparçada tapgyryň merkezi oýnunda «Bawariýa » bilen «Barselona » duşuşdy. Çekeleşikli we gyzykly geçen oýunda münhenliler 2–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Hernandes hem-de Saneniň gollary bilen ýeňşini baýram eden «Bawariýa » soňky 5 duşuşykda «Barselonanyň » derwezesinden 19 gol geçirdi (4 gol geçirtdi). «Bawariýa » topary toparçalarda 30 oýundan bäri ýeňilmän gelýär we bu ugurda «Real Madridiň » rekordyna şärik boldy. Toparçadaky beýleki duşuşykda «Inter » myhmançylykda «Wiktoriýa Plzenden » Jeko (20) we Damfrisiň (70) gollary bilen 2–0 üstün çykdy. Buçanyň gyzyl kart almagyndan soň çeh topary soňky 30 minuty 1 oýunçy kem oýnady. «D» toparçada «Sporting » topary soňky 3 minutda 2 gol geçirip, «Tottenham » klubuny Paulinio hem-de Artur Gomesiň gollary bilen 2–0 hasabynda utdy. Şeýle- de, «Aýntraht » myhmançylykda «Marseli » Lindstromyň 43-nji minutdaky goly bilen 1–0 ýeňdi. «E» toparçada tälimçisini çalşan «Çelsi » öz meýdançasynda «RB Salsburgy » kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýun 1–1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Gollary ýer eýelerinden Sterling, myhmanlardan 1-nji oýunda- da tapawutlanan Okafor geçirdi. «Milan » topary öz meýdançasynda «Dinamo Zagreb » bilen duşuşyp, 3–1 hasabynda ýeňiş gazandy. «Milan » Çempionlar Ligasynyň çäginde soňky 9 ýylda öz meýdançasynda ilkinji gezek ýeňiş gazanmagy başardy. «F» toparçada «Şahtýor Donesk » Polşada «Seltik » bilen duşuşyp, oýun 1–1 hasabynda deňlikde tamamlandy. «Real Madrid » bolsa 80-nji minutdan soň 2 gol geçirip, «Leipsigi » 2–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Realyň » gollaryny Walwerde bilen Asensio geçirdi. Ançelotti UÇL-de 100-nji ýeňşini gazanyp, ol Fergusondan soň 2-nji ýerde barýar. «G» toparçada «Mançester Siti » bilen «Borussiýa Dortmundyň » duşuşygy çekeleşikli geçip, oýunda myhmanlar 56-njy minutda iňlis futbolçysy Bellingamyň goly bilen öňe saýlandy. «Premier Liganyň » çempiony 80-nji minutda Jon Stounzyň ajaýyp goly bilen hasaby deňledi. 84-nji minutda- da «Borussiýa Dortmundyň » ozalky ýyldyzy Erling Holann akrobatik hereketler bilen tapawutlandy we köne toparyny gynandyryp, täze toparyny begendirdi. «Mançester Siti » 21 oýundan bäri öz meýdançasynda ýeňilmän gelýär we bu ugurda olar «Çelsiniň » rekordyny gaýtalady. «Kopengagen » bilen «Sewilýanyň » arasyndaky oýun tapgyryň golsuz geçen ýeke- täk duşuşygy boldy. «H» toparçada «Ýuwentus » öz meýdançasynda «Benfika » bilen duşuşyp, 4-nji minutda Arkadiuş Milik turinlileri öňe saýlady. Ýöne soňlugy bilen, portugal topary 2–1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 1997-nji ýyldan soň ilkinji gezek Italiýadan 3 utuk bilen dolandy. Lissabonlylara ýeňiş getiren gollary 43-nji minutda penaltiden Žoao Mario, 53-nji minutda- da Dawid Neres geçirdi. Ysraýylyň Haýfa şäherinde oýnalan «Makkabi »–PSŽ duşuşygynda parižliler 3–1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýer eýeleri 24-nji minutda Çeriniň goly bilen öňe saýlansa- da, 37-nji minutda super ýyldyz Lionel Messi hasaby deňledi. «Makkabi Haýfa » Messiniň gol geçiren 39- njy kluby bolup, ol bu ugurda Ronaldodan öňe saýlandy. Şeýle- de, Messi Çempionlar Ligasynda bassyr 18-nji möwsüminde- de gol geçirmegi başardy. 2-nji ýarymda- da PSŽ super ýyldyzlary Mbappe we Neýmaryň owadan gollary bilen 3–1 hasabynda ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi. Çempionlar Ligasynda toparçalardaky 3-nji duşuşyklar 4–5-nji oktýabrda oýnalar.