Bereketli mekanyň täze keşbi

15 Sentýabr 2022
90

Häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işleri döwletimiziň ykdysady kuwwatyny görkezýär hem-de adam hakynda edilýän aladany subut edýär. Ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän gurluşyk taslamalarynyň arasynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi hem bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda, 10-njy sentýabrda Ahal welaýatyna amala aşyran iş sapary hem-de onuň barşynda geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi sebitiň täze merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, olaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek we gurluşyklary kesgitlenen möhletlerde tamamlamak üçin ähli zerur tagallalary görmek baradaky meselelere bagyşlandy.

Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilişi, şol sanda onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiliniň ekologik talaplara laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiz bu gezek hem welaýatyň täze edara ediş merkezindäki gurluşyk işleriniň barşy, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde gurulýan binalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy netijesinde 2019-njy ýylda gurluşygyna badalga berlen, ähli görkezijiler babatda halkara ölçeglere doly laýyk gelýän bu taslamanyň gurluşygynyň birinji tapgyry şu ýylyň dekabr aýynda tamamlanar we ulanmaga berler.