Dünýä türkmenlerin bir supra jemlän

15 Sentýabr 2022
135

Şu gün Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky ХХIII maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu maslahat paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde boldy.

Baş baýramymyz — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçen maslahata dünýäniň çar künjünde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň 16-sy, şeýle-de ýurdumyzyň dürli jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlarymyz gatnaşdylar. Ýokary guramaçylykda geçen maslahatada Birleşigiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşanynyň tassyklanan görnüşi kabul edildi. Şeýle-de maslahatyň ikinji ýarymynda daşary ýurtly türkmenleriň we ildeşlerimiziň birnäçesine bu «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglandy. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Serdarymyzyň iberen Gutlag haty okaldy hem-de maslahata gatnaşyjylar tarapyndan döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

«Türkmen dünýäsi».