Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19 Sentýabr 2020
1690

Aşgabat, 18-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer Hökümetiň şu ýylyň 4-nji sentýabrynda bolan mejlisiniň barşynda 2020-nji we 2021-nji ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň çaklamasyny taýýarlamak barada berlen tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Beýleki habarlar