Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

12 Sentýabr 2022
1369

Ahal welaýaty, 10-njy sentýabr. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilişi, şol sanda onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiliniň ekologik talaplara laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar