Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10 Sentýabr 2022
766

Aşgabat, 9-njy sentýabr. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Ol 2022-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynyň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde sekiz aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar