Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministri bilen gepleşikleri geçirdi

18 Sentýabr 2020
1050

Aşgabat, 17-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Biz geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklara sarpa goýýarys hem-de olary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürmäge uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de iki goňşy ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Beýleki habarlar