Sport. At – myrat. Ekologiýa abadançylygy – sagdyn we bagtyýar durmuşyň esaslary

17 Sentýabr 2020
154

Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlän mähriban Arkadagymyz bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiz adaty endigine eýerip, geçen dynç güni säher bilen dag eteklerinde welosipedli gezelenç etdi we ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.

Güýz paslynyň ilkinji günleriniň säherinde jana tenekar dag howasy bu künjegiň tebigy gözellikleri, tokaý zolaklary bilen utgaşyp, ynsanyň ruhuny göterýär. Welosiped sporty bedeni kämilleşdirmäge, kesellere garşylygy berkitmäge ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyz «Ýanardag» binasynyň deňinden geçip barýan pursatlarynda, onuň özboluşlylygyny synlady. Mähriban Arkadagymyz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplygy we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň göze gelüwli binalaryny synlady. Bir bitewi sazlaşygy döredýän bu görnüşler Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda başy başlanan oňyn özgertmeleriň uly üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.