Ahal welaýaty, 13-nji awgust. Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy, ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri, bu ýerde guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy hem-de ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Ir bilen Halk Maslahatynyň Başlygy täze, häzirki zaman şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzy Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşylap, gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.