Türkmenistanyň halkara başlangyçlary dünýä ýüzünde goldawa eýe bolýar

13 Awgust 2022
63

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw ugurlaryny ösdürmek uly ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ulag toplumynyň ösüşiniň esasy aýratynlygy ýurdumyzyň, şeýle-de sebitleriň ösüşi üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ulag ulgamyny kämilleşdirmek “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýakynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçirilmegi hem bu ugurda möhüm ädimdir.

Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglary peýdalanylmak bilen, amatly, howpsuz halkara geçelgeleri döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda birnäçe iri ulag taslamalary durmuşa geçirilýär, ulag amatlyklarynyň bar bolan desgalarynyň durkuny täzelemek we täze desgalary gurmak işjeň ýagdaýda amala aşyrylýar, ýük we ýolagçy awtoulaglary täzelenilýär, halkara ulag geçelgelerini emele getirmek dowam edýär. Ata Watanymyzyň ajaýyp künjeklerinden biri bolan, kalbyňda gaýtalanmajak ajaýyp gözelligi emele getirýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçirilmegi hem bu aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Bu halkara foruma 30-dan gowrak döwletleriň wekiliýetleri, şeýle hem 30-dan gowrak halkara we ýöriteleşdirilen guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Halkara Awtoulag bileleşiginiň, Halkara elektrik aragatnaşyk bileleşiginiň, TRASEKA we ş.m., birnäçe bank we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Beýleki habarlar