Ýaş nesle ruhubelentlik eçilen çäre

13 Awgust 2022
125

Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ak bugdaý etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda medeni, sport-sagaldyş çäresi geçirildi.

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýüniň “Gülle, ýaşlyk!” çagalar tans topary şowhunly çykyşlary bilen merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalara ruhy lezzet we şatlyk paýladylar. Eziz Diýarymyzyň, gözel tebigatymyzyň, asuda durmuşymyzyň, bagtly çagalygyň belent waspy bolup ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar gyzgyn garşylandy.

Ogulgerek GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň hünärmeni. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.