Magtymguly hakda sohbet

13 Awgust 2022
86

Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň öm­rü­ne we dö­re­di­ji­li­gi­ne de­giş­li her bir mag­lu­mat hä­zir­ki dö­wür­de Mag­tym­gu­ly­ny öw­re­niş yl­my üçin mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe. Şu jä­het­den biz söz us­sa­dy­nyň şyg­ry­ýet äle­mi­ne gel­şi ha­kyn­da şa­hyr Py­hy Ta­gan­dan ýa­zyp alan mag­lu­mat­la­rymyzy oky­jy­la­ra ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

— Ir wagt­da men Et­rek­de 9-10 ýaş­la­rym­da az wagt oba mol­la­syn­da, soň­ra Ba­ýat­ha­jy­da açy­lan mek­dep­de oka­dym. Oku­wy arap elip­bi­ýi bi­len ýa­zy­lan harp­lar­da oka­ýar­dyk. 1926-njy ýyl­da Mag­tym­gu­ly­nyň goşgularynyň il­kin­ji ne­şi­ri çap edil­di. Oba­da ony okap bi­ler ýa­ly adam ýok di­ýen ýa­ly­dy. On­soň men ag­şam­la­ry­na öýü­mi­ze üýş­ýän adam­la­ra ony okap be­rer­dim. Şeý­le ýag­daý­da ýa­şu­lu­lar­dan Mag­tym­gu­la de­giş­li ro­wa­ýat eşit­sem, ony ýa­nym­da gö­ter­ýän dep­de­ri­me ýa­zyp alar­dym. Ine, şol eşi­den ro­wa­ýat­la­ry­myň bi­ri — di­ýip, Py­hy aga şu zat­la­ry gür­rüň ber­di.

Beýleki habarlar