Sa­ha­wat­ly­lyk

13 Awgust 2022
67

Ile-gü­ne ha­ýyr, mä­tä­je kö­mek, de­la­lat is­le­ýä­ne golt­gy ber­mek hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­na or­na­şan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­dir. Bu ba­bat­da ata-ba­ba­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan «Ha­ýyr — be­re­ket, nur – reh­net», «Ha­ýyr işi Hu­da­ýam gol­dar­myş» ýa­ly na­kyl­lar dö­re­di­lip­dir.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da gün-gün­den ro­waç al­ýan ha­ýyr­ly iş­ler ha­kyn­da gürrüň goz­ga­lan­da, öňi bi­len, göz öňü­ne ata-ba­ba do­wam edip gel­ýän yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­ri­lip, ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça dö­re­di­len Gurbanguly Ber­di­mu­ha­me­dow adyn­da­ky Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy gel­ýär.