Logistikada ýükleri ugratmak hyzmaty

13 Awgust 2022
71

Hä­zir­ki dö­wür­de lo­gis­ti­ka­da eks­pe­di­tor hyz­mat­la­ry ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň dur­nuk­ly we saz­la­şyk­ly ösü­şi­ne oňyn tä­sir ed­ýär. Lo­gis­ti­ka bi­len bag­lany­şyk­ly eks­pe­di­tor hyz­mat­lar in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň üs­ti bi­len ha­ryt do­lany­şy­gy­ny tiz­leş­dir­ýär. Eks­pe­di­tor hyz­mat­la­ry yk­dy­sa­dy taý­dan ba­ha­lan­dy­ry­lan­da ha­ryt do­lany­şy­gy üçin örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

ks­pe­di­tor hyz­mat­la­ry ul­ga­my­ny hil taý­dan tä­ze de­re­jä öwür­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä tej­ri­be­si­niň gör­ke­zi­şi ýa­ly, ýurt­da işiň dür­li ugur­la­ry­ny gur­şap al­ýan lo­gis­tik ul­ga­my­-da eks­pe­di­tor­la­ryň hyz­mat­la­ry yk­dy­sa­dy ösü­şiň mö­hüm şer­ti bo­lup, hä­zir­ki za­man ba­zar gur­şa­wyn­da ha­ryt­la­ryň do­lan­dy­ryş ul­ga­my­ny do­wam­ly kä­mil­leş­dir­ýär. Eks­pe­di­tor hü­nä­ri de­ňiz söw­da­sy we de­ňiz­de ýü­züş eks­pe­di­si­ýa­nyň göz­baş­la­ry bo­lup dur­ýar. Ga­dy­my dö­wür­de ha­ryt­la­ryň söw­da­sy we de­ňiz­de ýü­züş bir bi­te­wü­li­gi aň­la­dyp­dyr. Or­ta asyr­lar­da tä­jir gä­mä mü­nüp, ha­ryt­la­ry­ny özi ug­ra­dyp­dyr. Ug­ra­dyş por­tun­da gä­mi­niň eýe­si bi­len bi­le­lik­de ha­ryt­la­ry şol gä­mi­de ýer­leş­dir­mek we ola­ry ba­ryl­ýan port­da — söw­da­nyň bol­ýan ýe­rin­de dü­şür­mek ba­ra­da ala­da edip­dir. Şol dö­wür­de söw­da gat­na­şyk­la­ry, esa­san, or­ta asyr ba­zar­la­ry ar­ka­ly ös­dü­ri­lip­dir. Olar, köp­lenç, de­ňiz­ýa­ka şä­her­le­rin­de gu­ra­lyp­dyr. Şol wagt gä­mi­niň eýe­si, sa­ty­jy we aly­jy ýüz­be-ýüz bo­lup­dyr­lar. Ola­ryň ara­syn­da üçün­ji ta­rap­lar, ýag­ny del­lal­lar bol­man­dyr.

Beýleki habarlar