Çagalaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi

13 Awgust 2022
117

Gökderäniň gözel künjegine görk goşup oturan “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň mekdep sporty federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçen ýaryşlara gyzyklanma uly boldy. Oňa merkezde dynç alýan çagalardan düzülen toparlar işjeň goşulyp, sportuň degişli görnüşleri boýunça özara güýç synanyşdylar.

Beýzali ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW
Beýleki habarlar