Har­by-de­ňiz güýç­le­ri Wa­ta­nyň mi­ze­mez go­ra­gyn­da

13 Awgust 2022
60

Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­sy­na la­ýyk­lyk­da, de­ňiz ser­he­di­mi­ziň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny hem-de el­deg­ril­me­siz­li­gi­ni üp­jün et­mek­ he­mi­şe üns mer­ke­zin­de dur­ýar. 10-njy aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Ser­dar Berdimuhamedow gün­ba­tar se­bi­ti­miz­de ýer­leş­ýän Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň «Gar­şy» de­ňiz bi­rik­me­sin­de «De­ňiz han» at­ly kor­wet ky­sym­ly har­by gä­mi bi­len ta­nyş­dy.

«De­ňiz han» at­ly kor­wet ky­sym­ly har­by gä­mi gur­lu­şy­nyň aý­ra­tyn­ly­gy bi­len sö­weş­jeň müm­kin­çi­li­k­le­ri­ne eýe­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu hä­zir­ki za­man gä­mi­si­niň teh­ni­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ry, bö­lüm­le­ri­niň iş­le­ýiş usul­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Bu gä­mi gar­şy­da­şyň su­was­ty hem-de su­wüs­ti sö­weş­jeň gä­mi­le­ri­ni, gu­ry­ýer we ho­wa ny­şan­la­ry­ny ýe­ke­lik­de, gä­mi ug­ry to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de ýok et­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. Şol bir wagt­da ol gar­şy­da­şyň gä­mi to­pa­ry­ny, de­sant otr­ýad­la­ry­ny ýok et­mek, öz güýç­le­ri­mi­zi pe­na­la­mak, top­lum­la­ýyn aň­taw iş­le­ri­ni alyp bar­mak su­wüs­ti we su­was­ty gi­ňiş­li­ge gö­zeg­çi­lik et­mek we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.

Beýleki habarlar