Halkara başlangyçlar ýol alýar

13 Awgust 2022
70

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw ugurlaryny ösdürmek uly ähmiýete eýe bolýar. Ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmek “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýakynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda ata Watanymyzyň ajaýyp künjeklerinden biri bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahatynyň geçirilmegine uly taýýarlyk görülýär. Bu halkara foruma 30-dan gowrak döwletleriň wekiliýetleri, şeýle hem 30-dan gowrak halkara we ýöriteleşdirilen guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Halkara Awtoulag bileleşiginiň, Halkara elektrik aragatnaşyk bileleşiginiň, TRASEKA we ş.m., birnäçe bank we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Beýleki habarlar