Halk­la­ry bir­leş­dir­jek köp­ri

13 Awgust 2022
70

Hä­zir­ki za­man ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny dö­ret­mek, ýur­du­my­zyň yk­ly­myň wa­jyp üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­si hök­mün­dä­ki or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak möhüm işleriň biridir. Bu iş­ler hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne, Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den geç­ýän üs­ta­şyr gat­naw­la­ryň iş­jeň­leş­me­gi­ne, eks­port-im­port amal­la­ry­nyň döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ama­la aşy­ryl­ma­gy­na giň ýol aç­ýar.

8-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ulag dü­zü­mi­niň mö­hüm des­ga­sy­nyň — Türk­men­ba­şy — Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­ta­nyň ser­he­di­ne çen­li bar­ýan aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň ug­run­da Ga­ra­bo­gaz­köl aý­la­gy­nyň üs­tün­den geç­ýän tä­ze aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.