Balkan welaýaty, 10-njy awgust. Şu gün Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy.
Watanymyzyň howpsuzlygynyň kepillendirilmegi, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, deňiz serhedimiziň ygtybarlylygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň taryhynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň serkerdeligi döredildi.