Garabogaz, 8-nji awgust. Şu gün Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň gadymyýetden bäri yklymara geçelgeleriň çatrygynda çäk taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini hem-de ägirt uly üstaşyr ulag kuwwatyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň ulag düzüminiň dünýä ulgamyna goşulyşmagy, häzirki zaman ölçeglerine gabat gelýän, ulaglaryň ähli görnüşini, şol sanda awtomobil ulagyny öz içine alýan multimodal düzümiň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.