Türgenlerimiziň ýeňşi — milli sportumyzyň üstünligi

8 Awgust 2022
149

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynda geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» ralli-reýdinde hem-de geçen aýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

«Awaza» sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda geçirilen dabaraly çärä Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň agzalaryna iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler.

"Nesil".