Döwrebap çagalar dynç alyş merkezi açyldy

2 gün öň
254

Balkan welaýaty, 5-nji awgust. Şu gün Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we deputatlar, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap toplumyň çäginde şatlykly ýagdaý emele geldi — ähli ýerde joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy. Döredijilik toparlary myhmanlar üçin baýramçylyk maksatnamasyny taýýarladylar. Ýaş aýdymçylaryň we tansçylaryň köpöwüşginli çykyşlarynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine hemmetaraplaýyn üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar