Sylaglaryňyz gutly bolsun, ýeňişleriňiz dowamly!

5 Awgust 2022
365

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. Bu sözleriň döwrümiziň beýik hakykatydygyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. Sport ulgamyny ösdürmäge döwlet tarapyndan berilýän şeýle uly üns-aladanyň netijesinde hem bu günki gün ýurdumyzyň merdana türgenleri halkara we dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri bilen mukaddes ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladyp, Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterýärler. Şeýle üstünliklere eýe bolýan türgenlerimize iň ýokary derejede sylag-serpaýlary gowşurmak däbi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam etdirilýär.

Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyz 29-njy iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça geçirilen halkara ýaryşda, şeýle hem agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenlerimize 3-nji awgustda Awazada ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmagy guramagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Amannepesowa tabşyrdy. Ine, merdana türgenlerimize goýulýan hormat-sarpanyň belentdigini äşgär eden dabaraly çäre «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şol nurana gününde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.