ŞA SERPAÝY ÝÜREKLERI JOŞDURÝAR

5 Awgust 2022
353

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynda geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» ralli-reýdinde hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. Halkara derejede geçirilýän ýaryşlarda şowly çykyş eden ildeşlerimize Arkadagly Serdarymyzyň adyndan Şa serpaýynyň gowşurylmagy ähli türgenler üçin-de buýsandyryjy waka boldy. Şa serpaýdan paýly türgenler öz ýürek buýsançlaryny habarçylarymyz bilen paýlaşdylar.

Saparly MUHYÝEW,  Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň okuwçysy, agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň altyn medalynyň eýesi: