Futbol bäsleşigi

5 Awgust 2022
143

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, ýokary netijeli sporty, şol sanda futboly we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek hem-de ýaşlar syýasatyny wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça GOÝÇÝSM-niň futbol bäsleşigi geçirildi.

Tomusky dynç alyş möwsümine bagyşlanan futbol bäsleşigi 2014-2015-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda geçirilip, «Aşgabat» köpugurly stadionynda ýaýbaňlandyryldy. Bäsleşige şol ýaş derejesinden düzülen 8 topar gatnaşdy.