Ýeňişli menzilleriň gözbaşy

5 Awgust 2022
124

Sportuň birnäçe görnüşlerinden geçirilýän ýurdumyzyň çempionatlary bize hem zähmet çekýän mekdebimiziň – Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň okuwçy türgenleriniň kämillik derejesini synamaga uly mümkinçilik berýär. Tälim berýän ýaşlarymyzyň şol ýaryşlary üstünlikli netijeler bilen jemlemekleri bolsa biziň yhlasymyzyň ýerine düşýändiginden nyşandyr.

Şeýle netijeleriň, ýaşlaryň ýetýän belent derejeleriniň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ulgamlaýyn esasda alnyp barylýan sport syýasatynyň miwesidigine ünsi çekmek gerek. Elbetde, şol oňyn syýasatyň netijeleri bolsa türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerinde şöhlelenýär. Muňa mysal hökmünde bellesek, dünýäde saglyk bilen bagly ýüze çykan arakesmeden soň, maýyň başyndan bäri gatnaşylýan iri sport baýramçylyklarynda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleriniň sany barmak büküp sanardan has köpdür. Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen dzýudo boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň Kubogynda, Rumyniýanyň Buharest şeherinde guralan grek-rim hem-de erkin göreşleri boýunça kadetleriň halkara ýaryşynda, Gyrgyz Respublikasynda bolan alyş göreşinden yklymyň çempionatynda, Liwanyň Juniýa şäherinde geçen sambo boýunça Aziýa çempionatynda, agyr atletika boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlarda, guşakly göreşden dünýä çempionatynda, Russiýa Federasiýasynda geçen «Ýüpek ýoly – 2022» halkara rallisinde gazanylan üstünlikler muny subut etmek üçin ýeterlik bolsa gerek. Futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndymyzyň Aziýa çempionatyndaky çykyşy hem-de şu günler Wladiwostokda dowam edýän «Aziýanyň çagalary» halkara sport oýunlaryndaky üstünlikler bolsa aýdylanlaryň üstüni ýetirýär. Şol ýaryşlaryň her birinde dürli medallaryň ençemesiniň gazanylmagy bolsa sportuň görnüşlerinden milli mekdeplerimiziň döwrebap ösüşleriniň görkezijisi bolup, Watanymyzyň baýrak gaznasyny has-da baýlaşdyrýar.

Mekan ANNAGURBANOW,
Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň müdiri.