Guwandyryjy netijeler

5 Awgust 2022
119

Eziz Diýarymyzda ýaşlary sporta çekmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlar hem çagalary sporta imrindirmekde uly ähmiýete eýedir. Şeýle ýaryşlary geçirmek üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän sport mekdepleriniň hereket etmegi, ýaşlaryň höwesini has-da artdyrýar.

25 – 30-njy iýul aralygynda grek-rim göreşi boýunça Türkmenbaşy şäherinde «Hazar deňziniň duşuşyklary» ady bilen ýaryş geçirildi. Bu bäsleşige Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary A.Geldiýew bilen M.Soltanowyň türgenleri-de gatnaşdylar. Ýaşajyk türgenler öz agramlarynda şowly çykyş edip, halypalarynyň ynamyny ödemegi başardylar.

Atajan ÖWEZNEPESOW,
Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň müdiri.