Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde dowam edýän «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlary diňe sebitiň däl, eýsem, dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden ornuny tapýar. 28-nji iýulda Wladiwostok şäherinde bu ajaýyp sport baýramçylygynyň açylyş dabarasy geçirildi. Şol dabarada ýaşyl Tugumyzy buýsanç bilen parladyp, uly ruhubelentlikde tomaşaçylaryň öňünden geçmekleri türkmenistanly ýaşlaryň bu sport baýramçylygyny uly üstünliklere beslejekdikleriniň nyşanyna öwrüldi. Bu hakykatdan hem şeýle boldy.
Biz gazetimiziň geçen sanynda ýaş türkmenistanlylaryň 62-siniň ajaýyp sport baýramynda sportuň 9 görnüşi boýunça guraljak ýaryşlarda çykyş edýändigini habar beripdik. Türgenlerimiziň 6-sy sambo, 9-sy kuraş, 19-sy erkin we grek-rim göreşleri, 10-sy boks, 2-si ýeňil atletika, 2-si suwda ýüzmek, 8-si 3x3 basketbol, 2-si ýaýdan ok atmak, 4-si stol tennisi görnüşlerinden bäsleşýärler.