Ynamy ödeýän derwezeçi

5 Awgust 2022
117

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen futboly hem özboluşly galkynyşy başdan geçirip, täze ösüş ýoluna düşdi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Muňa Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U-23) Özbegistanda geçirilen Aziýanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etmegi hem güwä geçýär. Ýurdumyzyň toparynyň yklym ýaryşynda görkezen ynamly oýny geljegine uly umyt bildirilýän futbolçylaryň täze nesliniň kemala gelýändigini görkezdi. Ýaşlar ýygyndymyzyň hem-de Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň «Ahal» toparynyň esasy derwezeçisi Resul Çaryýew hem şol nesliň wekili. Biz bu günki söhbetdeşligimizi öz oýny bilen janköýerleriň uly söýgüsine, tälimçileriň bolsa uly ynamyna eýe bolan şol derwezeçi bilen guradyk.

– Resul, söhbetimizi futbola bolan höwesiň döreýşi hem-de bu jadyly oýna ilkinji gadam basan günleriň hakyndaky ýatlamalardan başlaýaly!

Söhbetdeş bolan Hezret HOJAGULYÝEW,
sport synçysy.