Pälwanlar güýç synanyşdy

5 Awgust 2022
163

Änew şäherindäki sport toplumynda Ahal welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýörite meýilnamasy esasynda türkmen milli göreşi boýunça ýaryş geçirildi. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyna bagyşlanan ýaryşa pälwanlaryň onlarçasy gatnaşyp, degişli agramlarda özara çekeleşikli tutluşyklary alyp bardylar.

Uly gyzyklanma döreden tutluşyklaryň netijesinde 57 kilogram agram derejesinde Tejen şäherinden Ýakup Atadurdyýew, 62 kilogram agramda Tejen etrabyndan Mekan Nurberdiýew, 68 kilogram agramda şol etrapdan Selim Nurberdiýew, 75 kilogram agramda Gökdepe etrabyndan Işannur Babaýew, 82 kilogram agramda Tejen şäherinden Rahym Jepbarow, 90 kilogram agramda şol şäherden Annagurban Allaberdiýew, 100 kilogram agramda Ak bugdaý etrabyndan Baýramdurdy Seýitliýew, 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde bolsa, Tejen etrabyndan Söýün Mommaýew dagy üstün çykdy. Ýaryşyň ýeňijileri hormat hatlary hem-de ýörite sowgatlar bilen sylaglandy.

Gülälek ORANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.