Super Kubogyň ýeňijileri

5 Awgust 2022
144

Ýewropada geçen hepdäniň şenbe güni 5 Super Kubogy duşuşygygeçirilip, şol oýunlarda jemi 27 gol hasaba alyndy. 2 oýunda 8, 2 oýunda- da 4, 1 oýunda- da 3 gol geçirildi. Şol 5 duşuşygyň 3-sinde Super Kubogy ýurduň çempiony bolan toparlar eýelediler. 2-sinde bolsa ýurduň kubogyny eýelän klublar çempiondan ökde çykdylar. Angliýanyň Super Kubogyna «Liwerpul » topary mynasyp boldy. 100-nji gezek oýnalan «FA Community Shield» duşuşygynda çempion «Mançester Sitini » Trent Aleksander- Arnoldyň (21), Mohamed Salahyň (81 p) hem-de täze transfer Darwin N u n ý e s i ň (90+4) gollary bilen 3-1 ýeňen «Liwerpul » 16-njy gezek bu kubogy eýelemegi başardy. «Mançester Sitiniň » ýeke- täk goluny täze transfer Hulian Alwares (70) geçirdi. Soňky gezek 2006-njy ýylda bu kubogy eýelän «Liwerpul » topary bu ugurda «Mançester Ýunaýtedden » (21) soň 2-nji ýerde barýar. Fransiýanyň Super Kubogy ugrundaky duşuşykda ýeňiş gazanan çempion PSŽ boldy. Parižliler «Nant» topary bilen duşuşyp, garş y d a ş y n y 4–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. PSŽ-niň gollaryny 22- nji minutda Lionel Messi, 45+5-nji we 82- nji (p) minutlarda Neýmar hem-de 57-nji minutda Serhio Ramos derwezä girizdi. Şeýlelikde, PSŽ topary 11-nji gezek Fransiýanyň Super Kubogyna mynasyp boldy (1995, 1998, 2013, 2014, 2015, 2016, 2017, 2018, 2019, 2020, 2022). Germaniýanyň Super Kubogy duşuşygy Leipsigdäki «Red Bull Arenada » oýnalyp, «Bawariýa » topary kubogyň eýesi «Leipsigi » 5–3 hasabynda ýeňdi. Eýýäm 1-nji ýarymda 3 gol geçiren «Bawariýanyň » adyndan Musiala (14), Mane (31), Pawar (45), Gnabri (66) hem-de Sane (90+8) tapawutlandy. «Leipsigiň » gollaryny bolsa Halstenberg (59), Nkunku (77 p) hem-de Olmo (89) geçirdi. Şeýlelikde, «Bawariýa » bassyr 3-nji, umumylykda 10-njy gezek (1987, 1990, 2010, 2012, 2016, 2017, 2018, 2020, 2021, 2022) Germaniýanyň Super Kubogyny eýelemegi başardy. Niderlandlaryň Super Kubogy duşuşygynda çempion «Aýaks» kubogyň eýesi PSW-den 5–3 asgyn geldi. Amst er damda oýnalan duşuşyk çekeleşikli we dartgynly geçip, eýndhowenlileriň gollarynyň 3-sini Guus Til (32, 45+2, 69), beýleki ikisini Gakpo (65) bilen Simons (90+1) geçirdi. 78-nji minutda goragçysy (Kalwin Bassi) gyzyl kart alan «Aýaksyň » adyndan Bergwiýn (15), Antoni (54) hem-de Kudus (72) tapawutlandy. Şunlukda, PSW topary bassyr 2-nji, umumylykda 13-nji gezek Niderlandlaryň Super Kubogyny eýeläp, öz rekordyny ösdürdi. Stambuldaky Atatürk stadionynda oýnalan Türkiýäniň Super Kubogy duşuşygynda çempion «Trabzonspor » kubogyň eýesi «Siwasspory » 4–0 h a s a b y n d a ýeňdi. «Trabzonspora » ýeňiş getiren gollaryň 3-sini daniýaly futbolçylar Andreas Kornelius (37, 51) bilen Ýens Stryger Larsen (64) hem-de gresiýaly Anastasios Bakasetas (76 p) geçirdi. «Trabzonspor » bu kubogy 3-nji gezek eýelemegi başardy (2010, 2020, 2022). «Trabzonspor » topary ozalky ady Prezidentiň Kubogy ady bilen oýnalýan döwürlerinde- de 7 gezek eýeläpdi. Portugaliýanyň Super Kubogyna- da çempion «Porto » mynasyp boldy. Olar bu ugurda kubok ýaryşynyň finalçysy «Tondela » toparynyň derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi. Gollaryň ikisini eýranly Mehdi Taremi (30, 82), beýlekisini- de braziliýaly Ewanilson (33) derwezä girizdi. «Porto » topary «Supertaça Candido de Oliveira» adyndaky bu kubogy 23-nji gezek asmana göterdi.