Täze möwsüme badalga berilýär

5 Awgust 2022
110

Şu gün Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň 3-sine — Angliýanyň «Premier Ligasynyň », Germaniýanyň «Bundesligasynyň », Fransiýanyň «Ligue 1»-iň täze möwsümine badalga berler. Olardan başga- da, Niderlandlaryň («Eredivisie »), Portugaliýanyň («Premeira Liga ») hem-de Türkiýäniň («Süper Lig») milli çempionatlarynyň hem täze möwsümi başlanar. «Premier Liganyň» 31-nji möwsümi Angliýanyň «Premier Ligasynyň » 31-nji, umumylykda Angliýanyň ýokary ligasynyň 124-nji möwsümi şu gije başlar. Möwsümiň ilkinji duşuşygynda Londonyň iki wekili «Kristal Palas » bilen «Arsenal » güýç synanyşar. Täze möwsümde- de «Mançester Siti » çempionlygyny goramak üçin göreşer. Şol sanda «Liwerpul », düzümine täze oýunçylar goşan «Tottenham » we Londonyň beýleki 2 wekili «Çelsi » bilen «Arsenal », tälimçisini çalşan «Mançester Ýunaýted » çempionlygyň esasy dalaşgärleri hasaplanýar. 2023-nji ýylyň 28-nji maýynda tamamlanjak çempionata noýabr- dekabr aýlarynda Dünýä Kubogy zerarly 1,5 aýtöweregi arakesme berler (13-nji noýabr – 26-njy dekabr). «Championship »-iň çempiony «Fulham » 1 ýyldan, «Bornmut » 2 ýyldan hem-de pleý-offlarda ýeňiş gazanan «Nottingam Forest » 23 ýyldan soň «Premier Liga » dolandy. Transfer möwsüminde 12 futbolçyny düzümine goşan «Nottingam Forest » topary «Premier Liga » döwründe iň uzak wagtlap dolanyp bilmedik klub hökmünde hasaba alyndy. «Fulhamyň » gelmeginden soň «Premier Ligadaky » London klublarynyň sany 7-ä ýetdi. «Premier Ligada » ilkinji gezek bir möwsümde Londonyň 7 kluby çykyş eder. Toparlaryň «Mançester Ýunaýtedden » galany ozalky tälimçileri bilen täze möwsüme başlar. 20 klubuň 5-sine ýerli iňlis tälimçileri tälim berer. Şol sanda Ispaniýadan, Portugaliýadan, Germaniýadan 2, Italiýadan, Niderlandlardan, Fransiýadan, Uelsden, Demirgazyk Irlandiýadan, Şotlandiýadan, Daniýadan, ABŞ-dan hem-de Awstriýadan 1 tälimçi «Premier Liga » wekilçilik eder. «Bundesliganyň» 60-njy möwsümi Şu gije «Bundesliganyň » hem 60-njy möwsümine badalga berler. Çempionatyň açylyş duşuşygynda «Aýntraht » öz meýdançasynda soňky çempion «Bawariýany » kabul eder. 18 klubuň çykyş edýän çempionatynda «Bawariýanyň » ýene- de çempionlygyň iň esasy dalaşgäridigini anyk aýtsa bolar. Münhen şäheriniň klubuny 10 ýyldan bäri owsarlaýan topar bolman, «Bundesliganyň » ýubileý möwsüminde- de oňa taý tapylmaz. Geçen möwsümiň ahyrynda Edin Terziçi wezipä bellän Dortmundyň «Borussiýasy », şeýle- de «Baýer », «Leipsig », «Aýntraht » ýaly klublar hem öňdäki orunlara dyrjaşjak klublar hasaplanýar. «Bundesliga » hem 13- nji noýabrda arakesmä girer we 10 hepdeden soň, ýagny 2023-nji ýylyň 20-nji ýanwaryndan başlap, galan ýerinden dowam eder. Gel zenki r heniň «Şalke » topary bilen Bremeniň «Werder » topary 1 ýyllyk «Bundesliga 2»-de çykyş edeninden soň, täzeden ýokary liga dolandy. Berliniň «Herta » topary pleý-off tapgyryndan soň ligada galmagy başaryp, «Bundesligadaky » ýeke- täk şäher derbisini saklamagy başardy. Ýeri gelende bellesek, «Bundesliganyň » täze möwsüminiň ilkinji hepdesinde Berlin derbisi oýnalyp, «Union Berlin » öz meýdançasynda «Hertany » kabul eder. Berlin şäheri şu möwsümde «Bundesligada » 2 kluby bolan ýeketäk şäherdir. «Bundesligadaky » 18 klubuň 12-sine nemes tälimçileri tälimçilik edýär. Şeýle- de, Awstriýadyr Şweýsariýadan 2, Daniýadan, Horwatiýadan hemde ABŞ-dan 1 tälimçi tälim berýär. «Ligue 1»-iň 85-nji möwsümi Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň ýene biri- de şu gün başlap, ol hem Fransiýanyň çempionatydyr. «Lill»–«Aýaççio » duşuşygy bilen başlanjak «Ligue 1»-de soňky gezek 20 klub çykyş eder. 2023/24 möwsüminden başlap 18 kluba düşüriljek çempionatda möwsümiň ahyrynda 4 klub aşaky liga düşer. Çempionlygyň şu möwsümde- de iň esasy dalaşgäri PSŽ bolmak bilen bir hatarda, oňa «Lion », «Monako », şol sanda «Marsel », «Lill» klublary päsgel berip biläýjek beýleki toparlardyr. Çempionatyň 85-nji möwsüminde «Ligue 1»-iň iň köp çempionlyk gazanan 2 klubunyň biri «Sent-Etien» topary bilen 6 gezek çempion bolan «Bordo » kluby çykyş etmez. Ady agzalan 2 klub «Mets» topary bilen bilelikde aşaky liga düşdi. Olaryň ornuna «Tuluza » 2, «Aýaççio » 8 hem-de «Oser» 10 ýyldan soň «Ligue 1»-e çykmagy başardy. Iýul aýynyň başlaryna çempionaty 1–2-nji orunlarda tamamlan 2 topar, ýagny PSŽ bilen «Marsel » klubunyň ikisi hem argentinaly tälimçilerini (Maurisio Poçettino, Horge Sampaoli) özara düşünişmezlikler sebäpli wezipesinden boşatdy. PSŽ-de fransiýaly hünärmen, 2021-nji ýylda «Lill» toparyny çempion eden Kristof Galtie, «Marselde » bolsa horwatiýaly Igor Tudor wezipä bellenildi. Şol sanda «Lill», «Lorien », «Nissa » toparlary- da tälimçilerini çalşan beýleki klublardyr. «Ligue 1»-de 20 klubuň 13-siniň tälimçiligi ýerli hünärmenlere ynanyldy. Galan beýleki 7 kluba Ermenistandan, Niderlandlardan, Horwatiýadan, Portugaliýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, Ispaniýadan tälimçiler tälim berer.