Tunisiň ýygyndysy (Dünýä Kubogyna tarap)

5 Awgust 2022
128

Katar 2022-de çykyş etjek başga bir Afrika wekili- de Tunisiň ýygyndysydyr. Tunisiň milli topary 6-njy gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar (1978, 1998, 2002, 2006, 2018, 2022). Ýurtda futbol federasiýasy 1957-nji ýylyň 29- njy martynda esaslandyrylýar. 3 ýyldan soň, ýagny 1960-njy ýylda hem FIFA- nyň, hem-de KAF-yň agzalygyna kabul edilýär. Ilkinji duşuşyk: Tunis— Liwiýa: 4–2 (Tunis, 02.06.1957) Iň uly hasaply ýeňişler: Tunis— Hytaý Taýpeýi: 8–1 (Rim, 1960), Tunis— Togo: 7–0 (Tunis, 2000), Tunis— Malawi: 7–0 (Tunis, 2005), Tunis— Jibuti: 8–1 (Tunis, 2015) Iň uly hasaply ýeňliş: Wengriýa— Tunis: 10–1 (Budapeşt, 24.07.1960) ILKINJI SYNANYŞYK ARGENTINADA Tunisiň milli ýygyndysy Çili 1962-ä çenli Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyryna- da gatnaşmaýar. Çilide geçen çempionatyň saýlama tapgyrynda çykyş etse-de, olara final tapgyryna gatnaşmak başartmaýar. 1966- njy ýyldaky ýaryşdan çekilen Tunisiň ýygyndysy (edil beýleki afrikalylar ýaly) 1970-nji we 1974-nji ýyllardaky Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyryny geçip bilmeýär. 1978-nji ýylda Argentinada geçirilen 11-nji Dünýä Kubogy Tunisiň gatnaşan ilkinji çempionaty bolýar. Demirgazyk Afrikanyň wekili ilkinji gezek gatnaşan ýaryşyna ýeňiş bilen başlaýar. Meksikanlar 1–0 öňe saýlansa- da, soňlugy bilen Tunisiň ýygyndysy 3–1 hasabynda ýeňiş gazanýar. Gollary Kaabi, Gommidih hem-de Dhueib geçirýär. 55-nji minutda hasaby deňlän Ali Kaabi Tunisiň Dünýä Kubogyndaky ilkinji goluny geçiren oýunçy hökmünde adyny taryha ýazdyrýar. 2-nji duşuşykda Polşadan 1–0 asgyn gelen tunisliler 3-nji duşuşygynda Günbatar Germaniýa bilen golsuz deňme- deň oýnaýar we umumylykda 3 utuk olaryň ýaryşy dowam etmegi üçin ýeterlik bolmaýar. 20 ÝYLDAN SOŇ IKINJI GEZEK GATNAŞÝAR Tunisiň ýygyndysyna Dünýä Kubogyna 2-nji gezek gatnaşmak laýyk 20 ýyldan soň başardýar. Fransiýa 1998 Dünýä Kubogynda «G» toparçada Angliýadan 2–0, Kolumbiýadan 1–0 utulýar. Rumyniýa bilenem 1–1 deňme- deň oýnaýar (Suaýa 12 p — Moldowan 71). 2002-nji ýylda Koreýa we Ýaponiýada geçirilen çempionatda «H» toparçada Russiýadan 2–0 utulan Tunis Belgiýa bilen 1–1 deňme- deň oýnaýar (Buazaiene 17 — Wilmots 13). Ýaponiýadan 2–0 utulan Tunis edil Fransiýadaky ýaly bu çempionaty hem 1 utuk bilen tamamlaýar. Germaniýa 2006 olaryň yzly- yzyna 3-nji, umumylykda 4-nji Dünýä Kubogy bolýar. Bu çempionatda- da «H» toparça düşen Tunisiň ýygyndysy edil mundan öňki iki ýaryşdaky ýaly netije alýar. Saud Arabystany bilen duşuşyp, soňky minutlarda ýeňlişden halas bolýar (2–2, Jaziri 23, Jaidi 90+2 — Al- Kahtani 57, Al-Jaber 84). 2-nji duşuşygynda Mnariniň goly bilen öňe saýlansalaram, Ispaniýadan 3–1 utulmakdan halas bolup bilmeýär. 3-nji duşuşygynda bolsa Ukrainanyň ýygyndysyndan 1–0 utulýar. Mundan soň 12 ýyllap Dünýä Kubogynyň daşynda galan Tunisiň ýygyndysy Russiýa 2018-de «G» toparçada Angliýadan 2–1, Belgiýadanam 5–2 asgyn gelýär. 1-nji oýunda Sassi, 2-nji duşuşykda Bronn hem-de Hazri Tunisiň gollaryny geçiren oýunçylar bolýar. 3-nji duşuşygynda Panamany Ben Ýussef hem-de Hazriniň gollary bilen 2–1 ýeňip, Dünýä Kubogynyň taryhyndaky 2-nji ýeňşini gazanýar. Dünýä Kubogynda geçiren duşuşyklary: 15 oýun, 2 ýeňiş, 4 deňlik, 9 ýeňliş, 13—25 gol Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyryndaky duşuşyklary: 112 oýun, 62 ýeňiş, 30 deňlik, 20 ýeňliş, 192—86 gol Afrikanyň Milletler Kubogynda (2004) hem-de FIFA Arap Kubogynda (1963) 1 gezek çempion bolan Tunisiň ýygyndysyna esasy ýerli tälimçiler tälim berýär. Olardan Raşid Turki, Mohtar Ben Nasef, Ameur Hizem, Abdulmejid Çetali, Ýussuf Zuaoi, Mrad Mahjub, Faouzi Benzarti, Mondher Kebair dagy bellenmäge mynasypdyr. Tunisiň ýygyndysyna iň uzak wagtlap tälim beren fransiýaly Rože Lemer bolup, olar onuň döwründe yklymyň çempionlygyny gazanýar. Polşaly Rysard Kulesa, Henryk Kasperçak, italiýaly Françesko Skolia, fransiýaly Alan Žiress dagy toparyň daşary ýurtly belli tälimçileridir. Häzirki wagtda topara ýerli hünärmen Jalel Kadri tälim berip, ol şu ýylyň başynda bu wezipä bellenilýär. 50 ýaşyndaky Kadri Katar 2022-de şägirtleriniň arasyndan Bilel Ifa, Montassar Talbi, Ali Maalul, Hannibal Mejbri, Ferjani Sassi, Wahbi Hazri, Ýussef Msakni, Seifeddin Jaziri, Naim Sliti ýaly ýyldyzlaryna uly ynam bildirýär. Ýöne olara «D» toparçadan Fransiýadyr Daniýanyň hem-de Awstraliýanyň ýygyndylaryndan öňe saýlanmak ýeňil düşmese gerek. Tunisiň bu ýaryşda hem 1 ýa-da 3 utukdan köp gazanmazlygy mümkin... Iň köp duşuşyk geçirenler: Radhi Jaidi — 105 oýun, Çokri El-Uaer — 97, Haled Badra — 96 Iň köp gol geçirenler: Issam Jemaa — 36 gol, Wahbi Hazri — 24, Fransilueda Santos — 21 TUNISIŇ MILLI ýygyndysynyň katar 2022-DÄKI duşuşyklary : 22-nji noýabr (18:00): DANIÝA — TUNIS («Al Wakra », Al Janub) 26-njy noýabr (15:00): tunis — awstraliýa («Al Wakra », Al Janub) 30-njy noýabr (21:00): tunis — fransiýa («Edukeýşn Siti », Al Raýýan)