UEFA Çempionlar Ligasy

5 Awgust 2022
120

UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary oýnaldy. Duşuşyklarda 4 topar uly hasaply ýeňiş gazanyp, pleý-off tapgyrynda çykyş etmäge golaýlady. Geçen möwsümde Ýewropa Konferensiýa Ligasynda şowly çykyş eden Norwegiýanyň «Bodo- Glimt» topary öz meýdançasynda Litwanyň «Žalgiris » toparyndan 5–0 üstün çykdy. Serbiýanyň «Srwena Zwezda » topary- da Ermenistanyň «Pýunik » toparyny şol hasap bilen ýeňdi. Çempion däl klublaryň duşuşyklarynda «Benfika » Matias Ramosyň het-trik eden oýnunda Daniýanyň «Midtýulland » toparyny 4–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Jogap duşuşyklary 9-njy awgustda oýnalar. Şeýle- de, UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi. Toparçalarda çykyş etjek soňky 6 kluby kesgitleýän bijelerde Türkiýäniň çempiony «Trabzonspor » bilen Daniýanyň çempiony «Kopengagen » bije çekişdi. Galan 5 duşuşygyň toparlary bolsa 3-nji saýlama tapgyrynyň oýunlaryndan soň belli bolar. Pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary 16–17-nji hem-de 23–24-nji awgustda oýnalar. 3-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji duşuşyklarynyň netijeleri: «Makkabi Haýfa »—«Apollon Limassol »: 4–0, «Garabag »—«Ferenswaroş »: 1–1, «Ludogores Razgrad »—«Dinamo Zagreb »: 1–2, «Şerif »–«Wiktoriýa Plzen»: 1–2, «Bodo- Glimt»—«Žalgiris »: 5–0, «Srwena Zwezda »—«Pýunik »: 5–0, «Monako »—PSW: 1–1, «Dinamo Kiýew »—«Şturm Gras»: 1–0, «Union Sent-Žillua »—«Reýnjers »: 2–0, «Benfika »—«Midtýulland »: 4–1 Pleý-off tapgyrynyň bijeleri: «Garabag »/«Ferenswaroş »—«Şerif »/«Wiktoriýa Pl», «Bodo- Glimt»/«Žalgiris »—«Ludogores »/«Dinamo Z», «Makkabi H»/«Apollon »—«S. Zwezda »/«Pýunik », «Trabzonspor »— «Kopengagen », «Dinamo K»/«Şturm»—«Benfika »/«Midtýulland », «Union Sent-Žillua »/«Reýnjers »—«Monako »/PSW