Awaza, 4-nji awgust. Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säherde Hazaryň kenaryna çykyp, birsellem gezelenç edip, welosipedli ýörişi amala aşyrdy, şeýle-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen binýady goýlan sagdyn durmuş ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan işjeň dowam etdirilýär. Bu bolsa köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini şertlendirýär. Bu ýörelgeler döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi.